peçat

Bir zady tassyklamak üçin möhür, yz galdyrýan ýüzi basma, kesme bellikli, şriftli esbap we şol esbabyň galdyran möhüri, yzy.

  • Gorkma, baran badyma sygryň dili ýaly kagyza hat ýazagada, peçady gütlederin welin, öňküjämiz ýaly bary düp-düz bolýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

peçady bozulmadyk

Heniz açylmadyk, heniz ulanylmadyk.

  • Peçady bozulmadyk iki guty kart orta düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)