möhüt

Töhmet, myjabat.

  • Elli özüniň hile we mekirligi bilen ýok ýerden toslap döreden möhüdiniň bitiren işine şatlandy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem möhüt - möhüdi.

möhüt etmek

Töhmet atmak, garalyk ýapmak, myjabat etmek.

  • Sen kime möhüt ediýärsiň? Maňa? Gulluhana? Otrýad naçalnigine? Sen asyl menden näme isleýärsiň? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)