jübi jü‧bi

Ownuk-uşak zat salmak üçin geýime tikilýän haltajyk, kise.

  • Onuň bir jübüsinden tapylan birnäçe açar bilen gapyny açdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Jübüsinden ýaglygyny çykaryp, maňlaýyny süpürdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem jübi - jübüde, jübüler, jübüsi.

jübä girmek

Jübüden ogurlyk etmek, pul ogurlamak.

jübiňi agraltmak

Pully bolmak.

  • Zawodyň hojaýyny özüniň girdejisini köpeldip, jübüsini agraltjak bolýar. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • jübim
  • jübimde
  • jübimden
  • jübimdäki
  • jübime
  • jübimi
  • jübimiz
  • jübimizden
  • jübimizdäki
  • jübimiň
  • jübiniň
  • jübiň
  • jübiňde
  • jübiňden
  • jübiňdäki
  • jübiňe
  • jübiňi
  • jübiňizden
  • jübä
  • jübüde
  • jübüden
  • jübüdi
  • jübüdiň
  • jübülerden
  • jübüleri
  • jübülerimi
  • jübülerinde
  • jübülerinden
  • jübülerindäki
  • jübülerine
  • jübülerini
  • jübüleriniň
  • jübüleriň
  • jübüleriňizi
  • jübüsem
  • jübüsi
  • jübüsinde
  • jübüsindedi
  • jübüsinden
  • jübüsindäki
  • jübüsine
  • jübüsinem
  • jübüsini
  • jübüsiniň
  • jübüsiniňem