Ikä galyndysyz bölünýän, täk bolmadyk.
Jübüt sanlar.
Goşa, iki.
Iki jübüt elýaglygyny we bir haltajyk çykardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Häzir ol Hywaly myhmanyna sowgat edip, onuň aýaly üçin bir jübüt gulak halkasyny ýasap gutaryp barýardy. («Beýik şahyr»)
Men magazinden jübüt kese aldym.
Biri-birine mynasyp, taý.
Diýýärdi: -- Gözel gyz, görmegeý ýigit, Bular bir-birine mynasyp jübüt. («Sowet edebiýaty» žurnaly)