seret iteklemek
Reduktoryň gapagynyň bir çetini öňe itýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Meniň halamaýanyma seredip durmazlar, ýeňsämden iter goýbärler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
[i:tmek]
Bir zady çekip, öz yzyň bilen alyp gitmek.
Agta ýabysyny idip ugrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kaka, idip äkidäýeýin-le?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Biriniň ygtyýaryny ele alyp, yzyň bilen ýöretmek, birini yzyňa eýertmek.
Sen bizi nirä itseň idip ýörjek-ow! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem itmek - idýär, ider, idipdir.
Kömeksiz, idilmän, özbaşyna ýöräp bilmeýän kör.
Az düşünjeli, sowady, düşünjesi az bolan.
Durdy men hem özümi itmeli kör hasap edemok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)