iteklemek işlik

  1. Itip, iteläp öňe süýşürmek, itelemek.

    • Ol bir eli bilen gapyny itekläp açanda, bulutdan çykan Aý ýaly gözele ýüzi düşdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Olar ony şol ýere eltip, garaňky ýerkümäniň içine iteläp saldylar-da, gapyny daşyndan gulpladylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Bir işe ýa-da bir zada ündemek, ugrukdyrmak.

    • Onuň bu söýgüsü ony dogry ýola itekledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gününi iteklemek

Güzeran-durmuşyňy geçirmek, gün görmek.

  • Güzeran görmegiň, günüňi iteklemegiň hem kän hili ýollary bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • itekledi
  • itekledi-de
  • itekledik
  • iteklediler
  • itekledimi
  • iteklejek
  • itekleme
  • iteklemediň
  • iteklemegini
  • iteklemegiň
  • iteklemek
  • iteklemekden
  • iteklemeklik
  • iteklemeli
  • iteklemesi
  • iteklemesini
  • iteklemezinden
  • iteklemeýärmi
  • iteklemäge
  • iteklemän
  • iteklemändir
  • iteklesem
  • itekleýän
  • itekleýändigini
  • itekleýänler
  • itekleýänlerine
  • itekleýär
  • itekleýärdi
  • itekleýärdiler
  • itekleýärler
  • iteklän
  • itekländigine
  • itekländigini
  • itekläni
  • itekläp
  • itekläpdir
  • itekläpdirler
  • iteklär
  • iteklärler
  • itekläýse
  • itekläň