hurmalamak işlik

  1. Hurma getirmek, hurma düwmek.

    • Gyzyletregiň subtropiki sowhozyndaky hurma agaçlary şu ýyl oňat hurmalapdyr.

  2. Oňat hoşa baglamak, oňat hoşalamak, hoşalaýan ýaly dänelemek (üzüm we käbir ösümlikler hakda).

    • Ol özüni gaýgyrman ekinlerini we ýaňy hurmalan üzüm baglaryny gaýgy edýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)