huruç

[huru:ç]

Bir zada bolan güýçli isleg, hyjuw, joşgun, höwes.

  • Huruç bilen öňe ýöränler geldi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Soňky günler huruç edýär gyssanyp, Garaguma seýil, etjek hamala. (R. Seýidow, Eserler)

  • Yşka düşen huruç edip dem alýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem huruç - hurujy.