gazanmak işlik

  1. Girdeji almak, gazanç etmek.

    • Bizem ynha, kakaň bar, gyz jigiň bar, işläris, gazanarys, hor bolmarys. (A. Durdyýew, Bagtly Ýigit)

    • Gara öýüň görgüsi bizi ýykýar, Gazanan zadymyz deşigne dykýar. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  2. Belli derejä ýetmek, eýe bolmak.

    • Laçyn geçen ýylky respublikaň ýaryşda birinjiligi gazandy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Türkmenistanyň balet teatrynyň kollektiwi uly arbaý gazandy. («Mydam Taýýar» gazeti)