gazap at

Güýçli gahar duýgusy.

  • Balkyldaýan gara gözüň uçguny, Gazap bilen baksa ýandyrjak göni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Halnazar öz gazabyna çydap bilmän sandyrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gazap - gazaby.

gazabyňy ýuwutmak

Öz-özüňi köşeşdirmek.

  • Tamara Danilowdaň igenjine çydaman geleni üçin, gazabyny ýuwutmaga çalyşdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gazap atyna atlanmak

Örän güýçli gaharyň gelmek, gazaplanmak.

  • Tas gazap atyna atlanyp, bolmaz bir işiň üstünden barypdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)