erik e‧rik

Sarymtyl-gyzyl süýji iýmişli agaç hem-de onuň miwesi.

  • Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Erik agaçlarynyň aşagynda üýşüp küşt oýnaýardylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Keseden durup seredeniňde, uly-uly erik we igde agaçlarynyň arasynda çala görünýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Erik kakyşdym. (N. Pomma, Egri eýikmez)

  • Toý gutlamaga gelýän adamlara erikden, igdeden toý paýy berýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem erik - erigi.


Duş gelýän formalary
  • erige
  • erigem
  • erigi
  • erigimiz
  • erigiň
  • erigiňizi
  • erik-de
  • erikde
  • erikden
  • erikler
  • eriklerden
  • eriklerdendi
  • eriklere
  • eriklerem
  • erikleri
  • eriklerimiz
  • eriklerini
  • erikleriň
  • erikli
  • erikmi