Ýüňden inçe egrilen ýüplük; dokalýan zadyň ýüplükden edilýän esasy.
Erşi temeniň gözünden geçirip, gözenek-gözenek edip çatyp, kellesine geýdi-de ötägitdi. («Görogly» eposy)
Soňra yzyna dolanyp, goltuk jübüsiniň eriş bagjyklaryny çözerdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sazyň kirşi ýaly dartylan erişleriniň üstünde dürli reňkli ýumaklar towsaklaşýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem eriş - erşi.
Başdan-aýak nygtalyp, bellenip geçmek (pikir, ideýa hakynda).
Tutuşlygyna kitabyň içinden geljegiň motiwiniň eriş-argaç bolup geçýän tötänden däl. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Biri-biriniň üstünden geçýän (çyzyk), eýläk-de-beýläk (hereket, gatnaw).
Awtomaşynlar eriş-de-argaç gatnaýardylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)