Dodaklaryň çowlanyp birleşýän ýeri, dodak.
Gurban aganyň ýylgyryp, erni bir ýere gelmeýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ernini gyşardyp, elhenç gygyrdy. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Ol ernini sallap, oturan ýerinde uklapdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýalynly erin näzik dodaklardan mäkäm öpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem erin - erni.
Erninde suw akyp duran, gyllykly.
Ol erniniň suwuny akdyryp, Halnazar alkymyna bardy-da, näzijek, günäsiz sesi bilen mälim etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Erniniň suwy akyp dur. (A. Alamyşow, Sona)
Bihepbe, iş başarmaýan, emelsiz.
Erni suwly, hepbesiz -- diýip, özüne igenýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Onuň ernini sallap durşuna syn edende welin, emelsiz, erni suwly bolar -- diýip güman edýärsiň. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)