erişmek işlik

Biriniň garşysyna çykmak, birine hüjüm etmek.

  • Indi özümize erşip başlady. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • Onsoň hem kim bolupmyş ol, Meredow diýilýän, maňa erşer ýaly? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem erişmek - erşer, erşipdir.


Duş gelýän formalary
  • erişleri
  • erişleriniň
  • erişleriň
  • erişme
  • erişmek
  • erişmezdiler
  • erişmäň
  • erişýändiklerini
  • erşer
  • erşip
  • erşiň