endik

Adat bolan häsiýet, gylyk, boluş.

  • Çarwa Mergen hemişeki endigini gaýtalap, telpegini çykardy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

  • Çapyk aga öýünde hem öz endigini bozmady. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem endik - endigi.

endik etmek

Bir zada öwrenişmek, adat etmek, türgenleşmek.

  • Hemmeler bu sese endik edipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol şuňa endik edipdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Birnäçeleri bolsa işsiz-pişesiz, ýöne endik edinen adatlary boýunça gelezelenje gelýädirler. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)