endigan

[endiga:n]

Deň, gyradeň, birsydyrgyn, bir meňzeş; kadaly.

  • Tamyň agzyny endigan suwlap çykdy. (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl)

  • Endigan göterilen gyrtyç eýýäm ummasyz giň ýaýlany durşuna örtüpdi. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

  • Onuň näzik dodaklary bolsa endigan ownuk dişlerini güjeňläp näz ediji, özüne çekiji bir ýagdaýda ýylgyrýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Giň meýdany endigan suwaryp bolanok. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)