ekiz

Bir eneden bir wagtda bolanlar (çaga, owlak, guzy hakynda).

  • Gyzlargülüň ekiz gyzy bolupmyşyn. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Akja ekiz çagasyny elinden aldyran ýaly eňredi. (N. Pomma, Egri Eýikmez)

  • Bir sapar onuň goňşy-garyndaşlaryndan biriniň geçisi ekiz guzlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gurbanly ekiz ogullaryny bolanlygyny hem saglyklarynyň örän ýagşydygyny aýtdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Aýratyn hem goňşularynyň bir sany ekiz owlakly geçisi bardy welin, bütin töwerege iş bolýardy. (N. Esenmyradow, Ýaş Naturalist)