eklemek ek‧le‧mek işlik

Birini iýdirip-geýdirip saklamak, biriniň durmuşyna kömek etmek, idetmek.

  • Öz maşgalasyny hem doganynyň üç çagaly dul aýalyny eklemäge mejburdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Seniň ýaly edermen ogly eklemäge Babahan arçynyň heniz her gurby ýok däldir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol öz maşgalasynyň arasynda otursa, men ony eklejek ahyry. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Çünki eneler biz aksüýt berip ulaldypdyrlar, ekläpdirler, saklapdyrlar, kemala getiripdirler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ekläp-saklamak

Birine ata-ene gözegçiligini etmek, biriniň ugruna seretmek, birini her bir tarapdan goldap saklamak.

  • Seni ekläp-saklan mähriban enäniň gözýaşlary üçin gahar gazap oduny kimiň üstüne seçmeli. (A. Gowşudow, Powesler we hekaýalar)

  • Abadan, biz seni ekläp-saklap adam etdik! («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • ekledik
  • ekledim
  • eklejegem
  • eklejegi
  • eklejegimi
  • eklejek
  • ekleme
  • eklemedim
  • eklemegem
  • eklemeginde
  • eklemegiň
  • eklemek
  • eklemekde
  • eklemeli
  • eklemelidi
  • eklemezdim
  • eklemeýär
  • eklemäge
  • eklemän
  • eklemäň
  • eklesin
  • ekleýän
  • ekleýänlerim
  • ekleýänligi
  • ekleýärdi
  • ekleýärin
  • eklän
  • ekläni
  • ekläniň
  • ekläniňde
  • eklänoklarmy
  • ekläp
  • ekläpdir
  • ekläpdirler
  • eklär
  • eklärden
  • eklärin
  • ekläýin
  • ekläýmek