eklenmek işlik

Öz güzeranyňy özüň görmek, öz günüň özüňden geçmek, öz günüňi görmek, öz oňşugyň özüňden geçmek, öz zähmetiňe düşýän zat bilen oňmak (hak).

  • Ol özüniň daban azaby bilen eklenipdir. («Edebiýat»)

  • Sen arassa zähmet bilen eklenmelisiň. (K. Jumaýew, Dört dogan)

  • Bil agyrtman eklenmäň hasabyny bilýändir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • eklenen
  • eklenere
  • eklenerin
  • ekleneris
  • eklenersiňiz
  • eklenip
  • eklenipdir
  • eklenipdirler
  • eklenjek
  • eklenmegi
  • eklenmegine
  • eklenmegiň
  • eklenmek
  • eklenmeli
  • eklenmäge
  • eklenmäň
  • eklenýän
  • eklenýärler