duruzmak işlik

  1. Dik, wertikal ýagdaýda goýmak, saklap bilmek.

    • Taýagy barmagyň üstünde dik durzup bilmek.

  2. Garaşdyryp goýmak, garaşdyrmak, saklamak.

    • Meni şu ýerde durzup, özi bolsa gitdi.

  3. Bolýan hereketi saklamak, togtatmak, işletmän saklamak.

    • Abat traktorlary duruzman işletmek gerek.

  4. Hatara düzmek, hataryň ugrunda goýmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem duruzmak - durzar, durzupdyr.