dury sypat

  1. Bulanyk bolmadyk, bulançak däl, arassa, päkize.

    • Ýaplar dolup, dury suwlar akyp dur. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Dury suw.

  2. Açyk, bulutsyz (howa hakda).

    • Göm-gök dury asman şäheriň üstüni büräp durdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem dury - duruda, durular, durusy.