dileg di‧leg at

  1. Birinden bir zat sorap ýüz tutma, haýyş.

    • Şu ýyllykça şu adamlara garaşyk et -- diýip, saňa dilege geldik. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Altyn gapylynyň agaçdan gapyla dilegi düşer. (nakyl)

  2. Isleg, arzuw.

    • Hernä toý bolsun -- diýip, dileg etdiler. (B. Kerbabaýew, Eserler toplumy)

    • Hiç adam tohumy şeýle azaplara duçar bolmasyn -- diýip, men dileg edýärin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

gökdäki dilegiň ýerde gowuşmak

Edýän arzuwyň aňsatlyk bilen tiz wagtda amala aşmak.

  • Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy diýsene! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • dilegde
  • dilegden
  • dilege
  • dilegem
  • dilegi
  • dilegidi
  • dilegim
  • dilegimem
  • dilegimi
  • dilegimiz
  • dilegimiň
  • dilegin
  • dilegini
  • dileginiň
  • dilegiň
  • dilegiňi
  • dilegiňiz
  • dilegiňizi
  • dilegler
  • dileglerde
  • dileglerden
  • dileglere
  • dilegleri
  • dilegleridi
  • dileglerimi
  • dileglerimiz
  • dileglerini
  • dilegleriniň
  • dilegleriň
  • dilegli
  • dilegmi
  • dilegsiz