dildüwşük

Syýasy ýa-da başga maksat bilen birine garşy bilelikde hereket etmek hakynda gizlin ylalaşyk, öňünden gepleşik.

  • Bu dildüwşüge seniňem goşulanyňy bilýärin. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem dildüwşük - dildüwşügi.


Duş gelýän formalary
  • dildüwşüge
  • dildüwşügi
  • dildüwşüginiň
  • dildüwşügiň
  • dildüwşükde
  • dildüwşükler
  • dildüwşüklerden
  • dildüwşüklerine
  • dildüwşükleriň
  • dildüwşükli
  • dildüwşüklik
  • dildüwşüksizlik