ýal1

It üçin undan, kepekden, ýarmadan we ş. m. ýörite taýýarlanylan iýmit.

  • Şu gün itleriň ýalyny doýa berme gaty doýursaň ylgarlygy hem bolmaz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ýaltanan ýal tapmaz, tapsa-da bol tapmaz. (nakyl)

ýal ýagysy

Iş başarmaýan, elinden hiç zat gelmeýän.

  • Seniň ol ýal ýagysy ogluň ýönekeý soldat hem bolup bilemez. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

ýala gelmek

Köpege gelmek.

  • Olaryň arasynda biri ganjyk eken, ýala gelýän eken. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

ýal2

[ýa:l]

Käbir haýwanlaryň boýnunyň üstünde ösýän seçelenip duran ösgün gyl.

  • Jonnuk batyr tulparyň maňlaýyny, ýalyny sypalapdyr. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)

  • Ol atyň ýallaryny düzedişdiren boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)