ýakynlyk

[ýaky:nlyk]

  1. Daş dällik, ýakyn aralykda bolmaklyk, golaýlyk.

    • Ol aýazyň ýakynlygyny aňladýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Emma kolhozçylar özleriniň şähere ýakynlyklaryny kilometr ölçegi bilen hasaplamaýarlar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Ýakyn hossarlyk, garyndaşlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýakynlyk - ýakynlygy.