çykalga at

  1. Çykylýan ýer, gapy, geçelge.

    • Wepa guşlaryň höwürtgesini gözläp ýörkä gizlin çykalga görüpdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Bar, ol çykalganyň agzyny sakla, adam tohumy münüp-düşmesin! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Jaýyň köçe tarapa bolan çykalgasy beklidi.

  2. Agtarylýan çäre, ýol, ugur.

    • Wagt ýokdy, başga çykalga tapmak gerekdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Ol Eýranyň kapas howasyndan hopugyp, özüne çykalga gözleýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)


Duş gelýän formalary
  • çykalgada
  • çykalgadan
  • çykalgady
  • çykalgadygyna
  • çykalgadygyny
  • çykalgalar
  • çykalgalarda
  • çykalgalary
  • çykalgalaryna
  • çykalgalarynda
  • çykalgalarynyň
  • çykalgalaryň
  • çykalgamdy
  • çykalgamy
  • çykalgamyzam
  • çykalgamyň
  • çykalgany
  • çykalganyň
  • çykalgasy
  • çykalgasydyr
  • çykalgasyna
  • çykalgasynda
  • çykalgasyndan
  • çykalgasyny
  • çykalgasynyň
  • çykalgasyz
  • çykalgasyzlyga
  • çykalgasyzlyk
  • çykalgasyzlykdan
  • çykalgaň
  • çykalgaňyz