çygyrtmak işlik

[çy:gyrtmak]

Ýiti ses bilen gygyrtmak, çirkin sesli gygyrtmak.

  • Ol bir salym çagasyny çygyrtdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çygyrtmak - çygyrdýar, çygyrdar, çygyrdypdyr.