Kelte, gyryk, ýaramaz (ýüň hakynda).
Saňa, hakyna garanda, çüprek ýüň tüýtdürmeli! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ýorgana salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çüprek ýüňüni tüýdüp çykdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çüprek - çüpregi.