çüňk

  1. Guşlaryň agzynyň gutaran ýerinde iýmit iýmek ýa-da çokmak üçin buýnuz görnüşli süýnmejik ujy.

    • Elguş egri çüňki bilen etleri çöpleýärdi. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  2. Jaýyň, haýatyň, köçäniň we ş. m. iki diwarynyň çatyşýan burçy.

    • Ol hasasyny çüňkde goýdy. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

  3. Jaýyň ýa-da haýatyň iki çatyşýan burçunyň töweregindäki ýer.

    • Tamyň gaýra çüňkünde pulemýoty gurdular. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem çüňk - çüňküm, çüňküň.