çümüşmek işlik

Birnäçe bolup suwa çümmek, bir topar bolup çümmek.

  • Ördekler suwa çümşüp hezil edýärdiler.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çümüşmek - çümşer, çümşüpdir.