çözülmek işlik

  1. Daňlan ýüp, düwün, sargy we ş. m. gowşamak, açylmak, çöşülmek.

    • Düýäniň duşagy çözülipdir.

  2. Mesele işlenilmek, işlenip çykarylmak.

    • Mugallymyň beren meselesi okuwçylar tarapyndan tiz çözüldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

doňy çözülmek

Eräp açylyşmak, eräp ýazylyşmak, eremek.

  • Baýkal kölüniň maý aýynda doňy çözülýär. («Mydam Taýýar» gazeti)