çözmek işlik

  1. Daňlan ýüpi, düwni, sargyny we ş. m. açmak.

    • Ol, düýäniň duşagyny çözdi.

  2. Meseläni işlemek, işläp çykarmak.

    • Men mugallymyň beren meselesini tiz çözdüm.

  3. Orta atylan meseläni bir ýüzli etmek, bir meseläni, ýagdaýy anyklamak, belli netijä getirmek.

    • Ol bu meseleleriň hemmesini umumy sözler bilen beýan etmän, aýry-aýry konkret şahslaryň üsti bilen çözýär. («Edebiýat»)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çözmek - çözdüm, çözdüň, çözüpdir.