Görüş normal bolmadyk wagtda, oňat görmek ýa-da gözi goramak üçin ulanylýan esbap.
Ol äýnegini gözünden aýryp, dyzynyň üstünde goýdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Bu hereket äýnegi döwülmez ýaly ýerde ýygnap goý diýildigidi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Gözüňe ýary ganatly äýnegiňi dakyn! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem äýnek - äýnegi.