äwmek işlik

Howlukmak, gyssanmak, alňasamak.

  • Sürüji hereketini, öňki bolşuny üýtgetmän jogap gaýtardy: -Äwmek şeýtandan, sabyr rahmandandyr, ýoldaş Çowdurow! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Ýefim äwmän, kümä tarap ugrady. (M. Gorkiý, Ene)

  • Babagulynyň äwmän gymyldap gelýän agras göwresi, duýdansyz eşidilen bu sese ussahananyň işiginde aýak çekdi. (P. Karpow, Hazyna)

  • Ýeri, onda näme äweňizok?

äwüp-säwüp

Aýlaň-çaýlaň edip, ýoluň düşüp, birden, tötänden.

  • Äwüp-säwüp bu ýere düşseňiz, bize geliň!