Howlukmazak, howlukmaýan, gyssanmazak, gyssanmaýan, alňasamazak, alňasamaýan; agyr, agras (adam).
Iň sabyrly, iň giň, belli äwmezek, Adamlar hem häzir sagada bakýar. (G. Seýitliýew, Saýlanan eserler)
Äwmezek diýýärmiň, seržant?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýaňky daýaw garry öňki äwmezek-alňasamazak hereketi bilen guşagyna gysdyrylgy biz haltany aldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem äwmezek - äwmezegi.