Howlukmazlyk, gyssanmazlyk, alňasamazlyk, alyp-ýolup barmazlyk; üns bermezlige salmaklyk, agraslyk.
Aşyr äwmezlik bilen Artygyň ýanyna geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Eziz äwmezlik bilen söze başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göroglynyň men menligi duşmanyň güýjüni äsgermezligi, äwmezligi ýazgarylýar. («Görogly» eposy)
Jonnuk batyr döşüni gaýşardyp, äwmezlige salypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Muhammet äwmezlige saldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem äwmezlik - äwmezligi.