Türkmen dili

Söz toparlaryna goşulýan sorag, kömekçi we habarlyk goşulmalary

Kömekçi goşulmalar

Goşulan sözleriniň manysyny has nygtamaga, güýçlendirmäge kömek edip, basymy özüne geçirmeýän goşulmalara kömekçi goşulmalar diýilýär. Olara -da, -dä, -de, -la, -le, -a, -e, -ha, -hä ýaly goşulmalar degişlidir.

Ol-a geldi. Biz-ä bilemzok.

Kömekçi goşulmalaryň ýazuw düzgüni

  1. Kömekçi goşulmalaryň basymy özüne geçirmeýänligi üçin, ýazuwda goşulan sözi bilen kömekçi goşulmalaryň arasynda defis goýulýar.

    Men-ä ugrajak.

  2. Kömekçi goşulmalar aýdylanda we ýazylanda çekimlileriň inçelik-ýogynlyk sazlaşygyna boýun egdirilýär.

    gel-dä, oturaý-da.

  3. Öňki bogunlarynda dodak çekimlisi bolup, soňy gysga aýdylýan dar çekimlä gutaran sözlere kömekçi goşulmalar goşulanda, şol dar çekimliler dodaklandyrylyp aýdylsa-da, ýazuwda dodaklandyrylman ýazylýarlar.

    Durdy-la, öwündi-de, gerdi-de...

  4. Soňy dymyk çekimsizlere gutarýan sözlere -a, -ä kömekçi goşulmalar goşulanda, dymyklar açyga öwrülýärler.

    kitab-a gyzykly eken.

Sorag goşulmalary

Goşulan sözlerine sorag manysyny bermäge hyzmat edýän goşulmalara sorag goşulmalary diýilýär.

Sorag goşulmalaryna -my, -mi, -myka, -mikä, -muka, -mükä goşulmalary degişli bolup, olar sözlemiň habaryna goşulýarlar.

Meret geldimi? Jemal çörek bişirdimikä?

Sorag goşulmalarynyň ýazuw düzgüni

  1. Sorag goşulmalary goşulan sözleri bilen goşulyp ýazylýarlar.

  2. Birinji bogunda dodak çekimlisi bolan soňy y, i dar çekimlilerine gutarýan iki bogunly sözlere sorag goşulmalary goşulanda ol sözleriň soňundaky dar çekimliler orta düşüp, dodaklandyrylyp aýdylýarlar we ýazylýarlar.

    turşy-turşumyka, suwçy-suwçumyka we ş. m.

  3. -my, -mi goşulmasy senlik ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda üýtgäp işlikleriň häzirki zaman ýöňkeme goşulmalaryndan öň hem, soň hem getirilip ulanylýar. Ýazuwda bularyň ikisine-de ýol berilýär.

    bilýärsiňmi, bilýärmisiň.

Habarlyk goşulmalary

Goşulan sözüniň sözlemiň habary bolmagyna kömek edýän -dy, -di, -dyr, -dir, -dur, -myş, -miş, -muş, -müş, -eken, -ka, -kä goşulmalara habarlyk goşulmalary diýilýär.

Habarlyk goşulmalaryny kabul edip, habar bolup gelen sözler zaman aňladýarlar we ýöňkeme bilen üýtgeýärler.

Habarlyk goşulmalary birnäçe söz toparyna goşulyp bilýänligi üçin, olaryň ýoklugy dürli ýollar bilen ýasalýarlar. At rolunda gelen sözler bilen ulanylsalar, olaryň ýoklugy däl söz arkaly ýasalýarlar. Habarlyk goşulmalary işlik formalaryna goşulyp, ýoklugy aňlatjak bolsa, -ma, -me goşulmasy goşulýar.

Almaly däldirin (at rolunda gelen söz). Işlemänmiş (işlik rolunda).

  1. -dy, -di habarlyk goşulmasy at rolundaky sözlere goşulyp, bir zadyň geçen wagtda şeýledigini bildirýär.

    Bu mekdep açylanda gelipdim.

  2. -dyr, -dir, -dur, -dür habarlyk goşulmalary at rolundaky sözlere goşulyp, olaryň häzirki zamany aňlatmaklaryna hyzmat edýärler, bildirilýän düşünjäniň häzir şeýledigini ýa-da şeýle däldigini aňladýarlar.

    Şol oturan soraýanyňdyr.

  3. -myş, -miş, -muş, -müş at rolundaky sözleriň soňuna goşulyp, öz goşulan sözüne işlik nyşanyny berip, ony sözlemiň habary etmeklige hyzmat edýär. Many taýyndan başga birinden eşidilen zady habar bermegi aňladýar.

    Jeren fabrikde işçimiş.

  4. Eken habarlyk goşulmasy at rolundaky sözler bilen gelende, olaryň sözlemiň habary bolup gelmegini üpjün edýär. Many taýyndan bir zadyň şeýledigini owal bilmän, indi bilip galandygyny aňladýar.

    Bu iş-ä kyn eken.

  5. -ka, -kä goşulmasy şu ýagdaýlarda ulanylýar:

    1. Bir zady soramak üçin.

      Şu geljekler näçekä?

    2. Wagt aňlatmak üçin

      Sen kiçijikkäň, şuny saňa beripdim.

    Eken bilen gelýän at rolundaky sözleriň ýokluk formasyny ýasamak üçin at rolundaky söz bilen ekeniň arasynda däl diýen ýokluk kömekçisi ulanylýar.

    Okuwçy däl eken.

Habarlyk goşulmalarynyň ýazuw düzgüni

  1. -dy, -di habarlyk goşulmasyny kabul eden bir bogunly dodak çekimlili sözler ýöňkeme bilen üýtgände, olluk ýöňkemäniň birliginden beýlekilerde -dy, -di goşulmasy dodaklandyrylyp aýdylýar we ýazylýar.

    Men zordum, olar zordular.

  2. Habarlyk goşulmalary çekimlileriň inçelik-ýogynlyk, dodak singarmonizmine boýun egdirilýärler.

    ýaşyldyr, içidir, gökdür, dokdur.

  3. -dyr, -dir, -dur, -dür habarlyk goşulmalary goşulan sözler ýöňkeme bilen üýtgänlerinde, senlik ýöňkemäniň birliginde we köplüginde habarlyk goşulmalary düşürilip aýdylýar we ýazuwda hem şeýle ýazylýar.

    Güýçlüdirsiň däl-de, güýçlüsiň.

  4. Dodak çekimlisi bolan bir bogunly sözlere -muş, -müş, köp bogunly we dodak çekimlisi bolmadyk bir bogunly sözlere -myş, -miş goşulmalary goşulýar.

    ýörmüş, oglanmyş we ş. m.

  5. Habarlyk goşulmalary öz goşulan sözleri bilen bile ýazylýarlar. Eken degişli sözleriniň yzyndan gelip, ol sözlerden aýry ýazylýar.

    Kakam gelen eken.

    Ýoklugy bildirýän däl sözi hem gelende bular aýry ýazylýarlar.

    Bular däl eken.