Türkmen dili

Işlikler

Bir zadyň gymyldy-hereketini bildirip, näme etdi?, näme edýär?, näme etjek, näme eder? diýen soraglara jogap bolýan sözlere işlik diýilýär.

Oraz otyr. Jemal köýnek tikýär.

Işlikleriň ýasalyşy we ýazuw düzgüni

Birnäçe işlikler hiç hili ýasaýjy goşulmalary kabul etmezden, şol durşuna many taýyndan gymyldy-hereketi aňladýarlar.

Al, gel, goý, sat.

Emma birnäçe işlikler dürli ýasaýjy goşulmalary kabul edýärler.

iş-le, ýag-la, ak-la.

Ýasaýjy goşulmalar arkaly hasyl bolan bu işliklere ýasama işlikler diýilýär.

Işlikleriň atlardan ýasalyşy

Goşulmalar Mysallar
-a, -e oýn+a (oýun), ýaş+a
-ar, -er ot+ar, at+ar
-ak, -ek, uk, -ük ugr+uk (ugur), ot+uk
-la, -le ýag+la, ok+la
-lan, -len tapawut+lan, gahar+lan

Işlikleriň sypatlardan ýasalyşy

Goşulmalar Mysallar
-ar, -er ag+ar (ak), gög+er (gök)
-la, -le ak+la, düz+le
-al, -el, -l gara+l, düz+el.
-yk, -ik, -uk, -ük dar+yk, gij+ik.
-syra, -sire, -sura, -umsyra halym+syra, akylly+syra.

Işlikleriň sanlardan ýasalyşy

Goşulmalar Mysallar
-la, -le Iki+le, üç+le

Işlikleriň işliklerden ýasalyşy

Goşulmalar Mysallar
-yş, -iş, -uş, -üş ýygnan+yş, daga+ş
-yşdyr, -işdir, -uşdyr, -üşdir tik+işdir, or+uşdyr, döw+üşdir
-yl, -il, -ul, -ül, -l bar+yl, gid+il
-aňkyrla, -eňkirle gutar+aňkyrla, ýet+eňkirle

Işlikleriň ses we şekil aňladýan sözlerden ýasalyşy

Goşulmalar Mysallar
-la, -le pat+la, güp+le
-ylda, -ilde, -ulda, -ülde şagg+ylda, iňň+ilde, hork+ulda
-yrda, -irde, -urda, -ürde sak+yrda, jyk+yrda, dük+ürde

Düýp işlikler

Işlikleri böleklere bölenimizde, onuň many aňladýan bölegine düýp işlik diýilýär.

al, gel, gör.

Başga söz toparlaryndan ýasalan işlikler şol ýasaýjy goşulmasy bilen birlikde düýp işlik hasaplanýar.

Başla, işle, giňel, oýna.

Bir sözden ybarat bolup, ýönekeý bir düşünjäni aňladýan işliklere sada işlikler diýilýär.

Bilmek, ýazmak, görmek.

Birden artyk sözden ybarat bolup, çylşyrymly düşünjäni aňlatsa, oňa goşma işlikler diýilýär.

haýyş etmek, tankyt etmek, geň görmek.

Goşma işligi emele getirýän sözleriň soňkusyna kömekçi işligiň esasy sözi diýilýär.

Täsirini geçirýän we geçirmeýän işlikler

Täsirini geçirýän işlikler sözlemde aňladýan manysyna görä gymyldy-hereketiň haýsy zada, predmete gönükdirilýändigini, haýsy zat bilen gös-göni baglanyşyklydygyny görkezýärler. Täsirini geçirýän işliklere ýeňiş düşüminiň soraglaryny bermek bolýar.

Men Orazy gördüm - kimi?

Jemal jigisini üwredi - kimi?

Men balygy tutdum - nämäni?

Täsirini geçirmeýän işlikler sözlemde aňladýan manysyna görä özleriniň haýsy zada, predmete gönükdirilýändigini mälim etmeýärler. Şonuň üçin bu hili işliklere baglanýan sözlere "kimi? nämäni? niräni? diýen soraglary bermek bolmaýar.

Sagat stoluň üstünde dur.

Işlik derejeleri

Işlik derejeleri dereje ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen asyl we ýasama işliklerden ýasalýarlar. Işlik derejeleri many taýyndan gymyldy-hereketiň kimler tarapyndan ýere ýetirilip, haýsy zada täsir edilýändigini bildirýärler.

Işligiň düýp derejesi

Dereje ýasaýjy goşulmalary kabul etmän ulanylýan asyl we ýasama işliklere işligiň düýp derejesi diýilýär.

al, gör, işle, okadym, alýaryn.

Işligiň şäriklik derejesi

Bir işiň iki taraplaýyn bolýandygyny: kömekleşmegi, ýaryşmagy aňladýan derejesine işligiň şäriklik derejesi diýilýär.

Işligiň şäriklik derejesi düýp işlik derejesiniň soňuna -yş, -iş, -uş, -üş, - ş goşulmasy goşulyp ýasalýar.

alyş, süpüriş, sürüş.

Işligiň şäriklik derejesiniň aňladýan manylary:

  1. Birek-birege kömek bermegi aňladýar.

    Jeren maňa içerini kakyşdy.

  2. Iki taraplaýyn edilýän ýaryşy aňladýar.

    Men Oraz bilen ylgaşdym.

  3. Iki taraplaýyn bolýan hereketi aňladýar.

    Düýn döwlet ýolbaşçylary Jenewada duşuşdylar.

Işligiň şäriklik derejesiniň ýazuw düzgüni

  1. Soňy çekimsiz ses bilen gutaran, köp bogunly we içinde dodak çekimlisi bolmadyk bir bogunly işliklerden şäriklik derejesi ýasamak üçin -yş, -iş goşulmasy goşulýar.

    bejer-bejeriş, çek-çekiş.

  2. Çekimsiz ses bilen gutaryp, içinde dodak çekimlisi bolan bir bogunly işliklerden şäriklik derejesini ýasamak üçin -uş, -üş goşulmasy goşulýar.

    bol-boluş, ger-görüş, oý-oýuş.

  3. Soňy çekimli ses bilen gutaran işliklere ş goşulmasynyň goşulmagy bilen işligiň şäriklik derejesi ýasalýar.

    Işle-ş, saýla-ş.

  4. Şäriklik derejesiniň goşulmasyny kabul eden işlikler dar çekimlileriň düşmek we düşmezlik kadasyna doly eýerýärler.

    Görüş - görşi, boluş - bolşup.

Işligiň ýükletme derejesi

Işligiň ýükletme derejesi täsirini geçirýän işliklere -dyr, -dir, -dur, -dür, -t goşulmalarynyň goşulmagy bilen ýasalýar.

Mugallym hat ýazdyrdy.

Işligiň ýükletme derejesi edilýän gymyldy-hereketiň sözlemiň eýesi tarapyndan edilmän, onuň buýurmagy, tabşyrygy boýunça başga biri tarapyndan ýerine ýetirilýändigini aňladýar.

Işligiň ýükletme derejesiniň ýazuw düzgüni

  1. Işligiň ýükletme derejesiniň -dyr, -dir goşulmasy r sesinden beýleki çekimsiz seslere gutarýan bir we köp bogunly sözlere goşulyp ýasalýar.

    Eden ýalňyşlaryny düzetdirmek gerek.

  2. t goşulmasy soňy a, e, r seslerine gutarýan köp bogunly sözlere goşulýar.

    Ussa gelip işi täzeden başlatdy.

  3. -dur, -dür goşulmasy dodak çekimlisi bolan bir bogunly sözlere goşulyp ýazylýar.

    Başlyk ekilmeli ýerleri sürdürtdi.

Işligiň gaýdym derejesi

Sözlemde edilýän hereket sözlemiň eýesi tarapyndan edilmän, başga biriniň edýän gymyldy-hereketiniň netijesiniň eýä gaýdýandygyny görkezýän işliklere işligiň gaýdym derejesi diýilýär.

Pagta ýygylýar, Hat ýazylýar.

Işligiň gaýdym derejesini ýasamak üçin düýp we asyl işlikleriň soňuna -yl, -il, -ul, ül, -l, -yn, -in, -un, -ün, -n goşulmalary goşulýarlar.

Ylmyň syry açylýar. Ýaplar gazylýar.

Işligiň gaýdym derejesiniň ýazuw düzgüni

  1. Çekimsiz ses bilen gutarýan işlikler gaýdym derejesiniň goşulmalaryny kabul edenden soň, oňa çekimli ses bilen başlanan goşulmalar goşulanda, çekimlileriň düşmek we düşmezlik kadasy esasynda, dereje goşulmasynyň y, i, u, ü sesleri düşürilip we düşürilmän ýazylýar.

    görün-görner, sürül-sürler, goýul-goýlar.

    Açylan, içiler, çakylan sözlerde çekimli sesler düşürilmeýär.

  2. Yzlary l sesinden başga çekimsiz sesler bilen gutaran işliklere -yl, -il, -ul, -ül goşulmasy goşulýar.

    Magazinler açyldy.

  3. Yzy l sesi bilen gutaran işiklere -yn, -in, -un, -ün goşulmasy goşulýar.

    Ekiljek ýerler bölündi.

  4. Işlikleriň yzlary çekimli ses bilen gutaryp, çekimliniň öň ýanynda l sesinden başga çekimsiz gelse, gaýdym derejesiniň l goşulmasy goşulýar.

    ýüň daralmazdan öň ýuwulýar.

  5. Işlikleriň yzy çekimli ses bilen gutaryp, şol çekimliniň öň ýanynda l sesi gelse, olar ýaly işliklerden gaýdym derejesini ýasamak üçin n goşulmasy goşulýar.

    başlandy, işlendi.

  6. Yzlary çekimsiz ses bilen gutaryp, çekimlisi dodak seslerinden bolan bir bogunly işliklere -ul, -ül, -un, -ün goşulmalary goşulýarlar we şeýle hem ýazylýarlar.

    guruldy, bölündi.

Işligiň özlük derejesi

Edilýän işiň netijesiniň şol gymyldyny ýerine ýetirýäni özüne täsir edýändigini bildirýän işliklere işligiň özlük derejesi diýilýär.

Işligiň özlük derejesi işlikleriň yzyna -yn, -in, -un, -ün -n goşulyp ýasalýar.

Maral daşarda düşek ýazyndy.

Özlük derejesiniň ýazuw düzgüni

  1. Yzlary çekimsiz ses bilen gutaran işliklerden işligiň özlük derejesini ýasamak üçin -yn, -in, -un, -ün goşulmalary goşulýar. Şulardan "-un, -ün" bir bogunly, içinde dodak çekimlisi bolan işliklere goşulýar we şeýle hem ýazylýar.

Işlikleriň zaman formasy

Gürrüňi edilýän işiň, gymyldy-hereketiň öň bolup geçendigine, indi boljakdygyna ýa-da hut geplenip durka bolýandygyna garap işlikler üç zaman aňladýarlar: öten zaman, häzirki zaman we geljek zaman.

Işligiň häzirki zaman formasy

Işligiň häzirki zaman formasy işiň, gymyldy-hereketiň häzir ýerine ýetirilýändigini bildirip, düýp işlikleriň yzyna -ýar, -ýär goşulmasy goşulyp ýasalýar. Gymyldy-hereketiň kim, näme tarapyndan ýerine ýetirilýändigini bildirmek üçin, häzirki zaman işliginiň yzyna degişli ýöňkeme goşulmasy goşulýar.

alýar-yn, alýar-ys, alýar-syň, alýar-syňyz, alýar, alýar-lar.

K, t sesleri bilen gutarýan köp bogunly we käbir bir bogunly işliklere -ýar, -ýär goşulanda, k, t sesleri g, d sesleriňe öwrülýär.

okat - okadýar, howluk - howlugýar.

Aýt, gaýt, et, git işlikleri bir bogunly bolsalar-da -ýar, -ýär goşulanda, olaryň soňundaky t sesi d sesine öwrülýär.

aýt - aýdýar, gaýt - gaýdýar, et - edýär, git - gidýär.

Häzirki zaman işliginiň ýoklugy düýp işlik bilen zaman goşulmasynyň arasyndan -ma, -me goşulmasy getirilip aňladylýar.

alýaryn - almaýaryn.

Häzirki zaman işlik formasy iki topara bölünýär: umumy häzirki zaman we konkret häzirki zaman.

Umumy häzirki zaman düýp işliginiň yzyna -ýar, -ýär goşulmasy goşulyp ýasalýar we iki manyda ulanylýar.

  1. Işiň, gymyldy-hereketiň hut sözlenip durka bolup durandygyny aňlatmak üçin.

    Jeren jorasyndan alan hatyny okaýar.

  2. Bir zada mahsus bolup, gaýtalanyp durýan umumy gymyldy-hereketi aňlatmak üçin.

    Goýun mäleýär. Tomsuna yssy bolýar.

Konkret häzirki zaman aňladýan işlikler belli bir çekimliniň uzyn aýdylmagy bilen ýasalýarlar.

Awtobus duralgada du:r. Jigim sallançakda ýaty:r.

Konkret häzirki zaman sözlenip durka, dowam edýän anyk gymyldy-hereketi aňladýar. Konkret häzirki zaman işlikleri ýöňkeme bilen üýtgeýärler. Şular ýaly üýtgemede u, ü sesleri ikinji bogunda eşidilen ýerinde ýazylýarlar.

dur-un, dur-suňyz.

Häzirki zaman işliginiň ýöňkeme bilen üýtgeýşi

Ýönkemeler Goşulmalary Barlygy Ýoklugy
Birligi
Menlik -yn, -in okaýar-yn, bilýär-in okamaýar-yn, bilmeýär-in
Senlik -syň, -siň okaýar-syň, bilýär-siň okamaýar-syň, bilmeýär-siň
Onluk - okaýar, bilýär okamaýar, bilmeýär
Köplügi
Menlik -ys, -is okaýar-ys, bilýär-is okamaýar-ys, bilmeýär-is
Senlik -syňyz, -siňiz okaýar-syňyz, bilýär-siňiz okamaýar-syňyz, bilmeýär-siňiz
Onluk -lar, -ler okaýarlar, bilýärler okamaýarlar, bilmeýärler

Işligiň geljek zaman formasy

Işligiň geljek zaman formasy geljekde boljak işi, gymyldy-hereketi bildirýär.

Ertir oýun görkeziljek.

Işligiň geljek zaman formasy iki topara bölünýär: mälim geljek zaman we nämälim geljek zaman.

Mälim geljek zaman işligi anyk ýüze çykjak ýa-da bir sebäbe görä ýüze çykmajak gymyldy-hereketi aňladyp, düýp işligiň soňuna -jak, -jek goşulmalarynyň biri goşulyp ýasalýar. Gymyldy-hereketiň kime degişlidigini bildirmek üçin at çalyşmasyny ýa-da ady getirmek arkaly aňladylýar.

Men görjek. Baýram öwrenjek.

Mälim geljek zaman işligi näme etjek?, näme etjekler? diýen soraglara jogap bolýar.

Men kitap aljak. Biz oýna gitjek. Olar oturjaklar.

Mälim geljek zaman işliginiň ýoklugy -jak, -jek goşulmasyny kabul eden işlikden soň däl sözüniň getirilmegi bilen ýasalýar.

Biz bu günki ýygnaga geljek däl.

Nämälim geljek zaman işligi düýp işligiň yzyna -ar, -er goşulmalarynyň biri goşulyp ýasalýar we bir işiň boljakdygyny çak etmekligi, borç boýunça edilmeli işi bildirmek üçin ulanylýar.

Ertir belki, gowy gün çykar.

Nämälim geljek zaman işligi näme eder?, näme ederler? diýen soraglara jogap bolýarlar.

Ol alar. Oguljemal geler. Çagalar oýnarlar.

Nämälim geljek zaman işliginiň ýokluk formasy zaman goşulmalarynyň öňünden -ma, -me goşulyp ýasalýar.

Ýer ýylaman, ot gögermez (nakyl).

Aýt, howluk, berkit, öwret, äkit, gaýt ýaly k, t sesleri bilen gutarýan birnäçe işliklere -ar, -er goşulanda, k, t sesleri g, d seslerine öwrülýärler.

aýt - aýdar, git - gider, berkit - berkider, gaýt - gaýdar, howluk - howlugar, daryk - darygar.

E bilen gutaran işliklere -er goşulanda, e sesi ä sesine öwrülýär.

işle - islär, gürle - gürlär, düşe - düşär.

Geljek zaman işliginiň ýöňkeme bilen üýtgeýşi

Nämälim geljek zaman işliginiň barlyk we ýokluk formalarynyň ikisi-de ýöňkeme bilen üýtgeýär.

Ýönkemeler Goşulmalary Barlygy Ýoklugy
Birligi
Menlik -yn, -in alar-yn, berer-in almar-yn, bermer-in
Senlik -syň, -siň alar-syň, berer-siň almar-syň, bermer-siň
Onluk - alar, berer almaz, bermez
Köplügi
Menlik -ys, -is alar-ys, berer-is almar-ys, bermer-is
Senlik -syňyz, -siňiz alar-syňyz, berer-siňiz almar-syňyz, bermer-siňiz
Onluk -lar, -ler alar-lar, berer-ler almaz-lar, bermez-ler

Nämalim geljek zaman işliginiň ýokluk şekili üçünji ýöňkemede -maz, -mez bolýar.

akar - akmaz, biler - bilmez, durar - durmaz, barar - barmaz, alar - almaz.

Işligiň öten zaman formasy

Öten zaman işligi gepleşip durlan wagtdan öň ýerine ýetirilen işi, gymyldy-hereketi aňladýar.

Öten zaman işligi näme etdi?, näme etdiler? diýen soraglara jogap bolýar.

oka - okady, okadylar, gel - geldi, geldiler, ýaz - ýazdy, ýazdylar, bil - bildi, bildiler.

Öten zaman işlik formasy iki topara bölünýär: gutarnykly öten zaman we dowamly öten zaman.

Gutarnykly öten zaman düýp işlikleriň yzyna -dy, -di goşulmasy goşulyp ýasalýar.

Oraz işini tabşyrdy.

Gutarnykly öten zaman işliginiň ýokluk formasy düýp işlik bilen zaman goşulmasynyň arasyna -ma, -me goşulmasy goşulyp ýasalýar.

ýazdy - ýazmady.

Dowamly öten zaman işligi bir işiň, gymyldy-hereketiň birnäçe wagt dowam edendigini aňladyp, iki ýol bilen ýasalýar:

  1. Nämälim geljek zaman goşulmasyndan soň -dy, -di goşulmasynyň goşulmagy bilen.

    okardy, gelerdi, işlärdi.

    Bu ýol bilen ýasalan dowamly öten zaman işligi has öňräk bolup geçen we köp wagt dowam eden gymyldy-hereketi aňladýar.

    Men mekdepde okaýarkam, ejem yzymdan gelerdi.

  2. Häzirki zaman işliginiň yzyndan -dy, -di goşulmasynyň gelmegi bilen.

    Bu ýol bilen ýasalan dowamly öten zaman işligi iki manyny aňlatmak üçin hyzmat edýär:

    1. Täzeräkde bolup geçen we birnäçe wagt dowam eden işi, gymyldy-hereketi aňlatmaga hyzmat edýär.

      Ol sapaklaryndan gowy bahalar alýardy.

    2. Has ýakyn wagtda bolan we sözleýän adam gören wagty heniz dowam edip duran gymyldy-hereketi aňlatmaga hyzmat edýär.

      Ol bärik gelýärdi.

Işlikleriň öten zaman formalarynyň ýöňkeme bilen üýtgeýşi

Ýöňkemeler Goşulmalary Barlygy Ýoklugy
Birligi
Menlik -m aldy-m, gelýärdi-m, okardy-m almady-m, gelmeýärdi-m, okamaýardy-m
Senlik aldy-ň, gelýärdi-ň, okardy-ň almady-ň, gelmeýärdi-ň, okamaýardy-ň
Onluk - aldy, gelýärdi, okardy almady, gelmeýärdi, okaýamardy
Köplügi
Menlik -k aldy-k, gelýärdi-k, okaýardy-k almady-k, gelmeýärdi-k, okaýamardy-k
Senlik -ňyz, -ňiz aldy-ňyz, gelýärdi-ňiz, okaýardy-ňyz almady-ňyz, gelmeýärdi-ňiz, okamaýardy-ňyz
Onluk -lar, -ler aldy-lar, gelýärdi-ler, okaýardy-lar almady-lar, gelmeýärdi-ler, okaýamardy-lar

Içinde dodak çekimlisi bolan bir bogunly işliklere -dy, -di goşulyp, ýöňkeme bilen üýtgände, -dy, -di goşulmasy -du, -dü görnüşine geçýär.

gör-di - gördüm, doý-dy - doýdum.

Işligiň öten zaman formalary ýöňkeme bilen üýtgände, birinji bogundan soňky bogunlarda giň dodak çekimliler dodaklandyrylyp aýdylsalar-da dodaklandyrylman ýazylýarlar.

Meselem:
Ýalňyş Dogry
okodym okadym
gülmödiň gülmediň

Işlik formalary

Işligiň buýruk formasy

Bir işiň, gymyldy-hereketiň edilip-edilmezligini, buýurmagy, tabşyrmagy ýa-da haýyş etmegi aňladýan işliklere işligiň buýruk formasy diýilýär.

ýaz, gör, dursun, seret.

Işligiň buýruk formanyň ýoklugy düýp işligiň yzyna -ma, -me goşulmasy goşulyp ýasalýar.

git-me, dur-ma...

Işligiň buýruk formasynyň ýöňkeme bilen üýtgeýşi

Işligiň buýruk formasy menlik ýöňkemede gelende, haýyş etmegi we bir zada meýil etmegi aňladýar.

Men barla+ýyn, ýaz+aýyn.

Işligiň buýruk formasy menlik ýöňkemäniň köplüginde üýtgände, çekimsiz ses bilen gutaran sözler -aly, -eli, -alyň, -eliň, çekimli ses bilen gutarýan sözlere -ly, -li goşulmalary goşulyp, birden köp adamyň gatnaşmagynda edilmeli işi aňladýar.

Biz al-aly, oka-ly.

-sana, -sene goşulmasy arkaly hem işligiň buýruk formasy aňladylyp bilinýär.

Sen alsana.

Işligiň buýruk formasynyň senlik ýöňkemesi buýurmak we haýyş etmek manysynda ulanylyp, hiç hili üýtgediji goşulmany kabul etmän, asyl we ýasama işlikler arkaly aňladylýar.

Sen ýyg, gör.

-gyn, -gin, -gun, -gün goşulmasy goşulyp, senlik ýöňkemesi berkräk tabşyrmagy hem aňladýar.

Sen gör-gün, al-gyn.

Işligiň buýruk formasyna, senlik ýöňkemesiniň köplügi üçin -yň, -iň, -uň, -üň, -ň goşulmasy hem goşulýar.

Siz rahatlan-yň, siz gözlä-ň.

Senlik ýöňkemäniň köplügi üçin -aýyň, -äýiň, -ýyň, -ýiň goşulmasynyň goşulyp ulanylyşy hem bar.

gal-aýyň, gör-äýiň.

Işligiň buýruk formasyny olluk ýöňkemesi diňleýjiniň üsti bilen üçünji birine bir işiň, gymyldynyň edilmegini ýa edilmezligini buýurmak we tabşyrmak üçin ulanylýar.

Işligiň buýruk formasynyň olluk ýöňkemesini emele getirmek üçin, düýp işlikleriň soňuna -syn, -sin, sun, -sün, köplügi üçin -synlar, -sinler, -sunlar, -sünler goşulmasy goşulýar.

Ol gör-sün, sat-syn, olar gel-sinler, başla-synlar.

Işligiň hökmanlyk formasy

Gymyldy-hereketiň hökman ýerine ýetirilmelidigini ýa-da ýerine ýetirilmeli däldigini bildirýän işliklere işligiň hökmanlyk formasy diýilýär.

Işligiň hökmanlyk formasy düýp işligiň yzyna -maly, -meli goşulmasynyň goşulmagy bilen ýasalýar.

al-maly, ser-meli.

Hökmanlyk formasyndaky gymyldy-hereketiň kime, nämä degişlidigini bildirmek üçin, onuň öňünden at çalyşmasy ýa-da gymyldy-hereketiň kime, nämä degişli bolsa, şonuň ady getirilýär.

Men al-maly, sen gör-meli, ol seret-meli.

Hökmanlyk formasyndaky işlikleriň ýöňkeme goşulmalary ýok. Hökmanlyk formasynyň ýoklugy işlikden soň däl sözüniň getirilmegi bilen ýasalýar.

almaly däl.

Işligiň şert formasy

Işligiň şert formasy bir işiň, gymyldy-hereketiň edilip-edilmezligi üçin gerek bolan şerti bildirip, düýp işlikleriň yzyna -sa, -se goşulmalarynyň biri goşulyp ýasalýar.

Il oňla-sa, atyňy soý (nakyl).

Ýoklugy işligiň soňuna -ma, -me goşulmalarynyň biri goşulyp ýasalýar.

Gülkä gülmeseň, göwni galar (nakyl).

Ýöňkemede üýtgän şert işliginiň yzyndan gerek sözi getirilip, bir işiň, gymyldy-hereketiň bolup-bolmazlygynyň çak edilýändigi bildiriliär.

Şu gün gar ýagsa gerek.

Işligiň şert formasy ýöňkeme bilen hem üýtgeýär.

Men alsa-m, sen alsa-ň, ol al-sa. Biz görse-k, siz görse-ňiz, olar görse-ler.

Işligiň arzuw-ökünç formasy

Bir işi ýerine ýetirip-ýetirmezligi arzuw etmekligi ýa-da onuň ýerine ýetirilendigine ýa ýetirilmändigine ökünç bildirmekligi aňladýan işliklere işligiň arzuw-ökünç formasy diýilýär.

Seniň kakanyňy bilen bolsam, gapyny açardym.

Işligiň arzuw-ökünç formasy, esasan, aşakdaky ýaly ýasalýar:

  1. Nämälim geljek zaman işliginiň barlyk we ýokluk formalaryndan soň -dy, -di goşulmasy goşulyp ýasalýar.

    gurar-dy, göwnär-di.

  2. Ýöňkeme bilen üýtgän barlyk we ýokluk formalardaky şert işlikleriniň yzyndan -dy, -di goşulmasy, ondan soň bolsa öten zaman işliginiň ýöňkeme goşulmasy goşulyp ýasalýar.

    gutarsa-dy-m, berseler-di.

    Işligiň bu hili arzuw-ökünç formasy ýöňkeme bilen üýtgände, onluk ýöňkemelerden beýlekilerde ýöňkeme goşulmasy bir sözde iki gezek hem gaýtalanyp ulanylýar.

    gutarsa-m-dy-m, görse-ň-di-ň.

  3. Işligiň arzuw-ökünç formasynyň şert işlik goşulmasynyň öň ýanyndan -aý, -eý, -ý goşulmasy goşulyp ýasalýar.

    başlan-aý-sady, geç-äý-sedi.

  4. Çekimsiz ses bilen gutaran düýp işliklere -as, çekimli ses bilen gutaran işliklere -s goşulmasy goşulyp, ýöňkemede üýtgän işlikleriň yzyndan gelmek işligi getirilýär.

    ýaz-as-ym gelýär.

Ortak işlikler

Gymyldy-hereketiň haýsy zamana degişlidigini bildirip hem-de baglanýan sözlerini aýyklap (sypatlandyryp) gelýän işliklere ortak işlikler diýilýär.

ekilen meýdan, ekiljek ýer.

Ortak işlikler sypatlaryň we işlikleriň aralygynda dürli sözler bolup, sypata-da, işlige-de ýakynlygy bilen häsiýetlenýärler. Haýsy-da bolsa bir sözi aýyklap gelmegi olary sypata ýakynlaşdyrsa, derejesiniň, barlyk we ýokluk formalarynyň bolmagy, belli bir zaman aňladyp gelmegi bolsa olary işlige ýakynlaşdyrýar.

Öten zaman ortak işligi

Öten zaman ortak işligi sypatlandyrýan sözüniň gymyldy-hereketiniň öten zamana degişlidigini bildirýär. Öten zaman ortak işliginiň barlyk formasy işlige -an, -en goşulmasy goşulyp ýasalýar.

gal-an zat, dur-an adam.

Yzlary a sesi bilen gutaran işliklere öten zaman ortak işligiň -an goşulmasy goşulanda, iki a sesi bir ýere düşüp, uzyn aýdylýan a sesi hasyl bolýar, ýazuwda bir a harpy ýazylýar.

başla+an - başla:n.

E sesine gutaran işliklere -en goşulmasy goşulanda iki e sesi bir ýere düşýär. Ýazuwda olaryň deregine bir ä harpy ýazylýar.

semre+en - semrän goýun.

Öten zaman ortak işliginiň ýokluk formasy düýp işligiň yzyna -madyk, -medik goşulmasy goşulyp ýasalýar.

tapyl-madyk köýnek.

Öten zaman ortak işligi at rolunda hem ulanylýar. Şonda olar san, ýöňkeme, düşüm bilen üýtgeýärler.

Gidenler gaýdyp geldiler (san). Meniň göreşim şoldy (ýöňkeme). Alanyň özüňe nesip etsin (düşüm).

Ýöňkemede üýtgän öten zaman ortak işliginiň yzyndan ýok sözi gelende (görenim ýok, alanym ýok), olluk ýöňkemeden beýlekilerde zaman goşulmasynyň n sesi, ýöňkeme goşulmalarynyň y, i sesleri we ýok sözüniň ý sesi düşürilip ulanylýar. Edebi diliň normasyna laýyklykda ýazuwda hem bu sözleriň gysgaldylyp ulanylýan görnüşi ýazylýar.

Men alamok, göremok. Sene alaňok, göreňok. Ol alanok, görenok.

Wagt aňladýan soň sözüniň öňünden gelýän sözleriň hemişe çykyş düşümde gelşi ýaly, öten zaman ortak işligi hem ýöňkeme goşulmalaryndan birini kabul edip, çykyş düşümde gelýär.

gutaranyňdan soň, geleniňden soň.

Gepleşikde öten zaman ortak işligi soň sözi bilen ulanylanda, öten zaman ortak işliginiň zaman goşulmasyndan käbir sesleriň düşürilip, ýeňilleşdirilip ulanylyşy hem bar.

gelemsoň, bolansoň, göreniňizsoň.

Häzirki zaman ortak işligi

Häzirki zaman ortak işligi sypatlandyrýan sözüniň gymyldy-hereketiniň häzirki zamana degişlidigini bildirýär. Häzirki zaman ortak işliginiň barlyk formasy düýp işlikleriň yzyna -ýan, ýän, ýokluk formasy bolsa -ýan, -ýän goşulmasynyň öňünden -ma, -me goşulyp ýasalýar.

sözle-ýän adam, hala-ýan ene.

gürle-meýän okuwçy, dokal-maýan haly.

Häzirki zaman ortak işligi bir sözi sypatlandyrman at rolun-da gelende, öten zaman ortak işligi ýaly san, ýöňkeme, düşüm bilen üýtgäp bilýär.

Gidýänler maşyna ýerleşdiler (san). Ýazýanym üçin ötünç soraýan (ýöňkeme). Okaýan adama azar berme (düşüm).

Häzirki zaman ortak işligi birbada hem san, ýöňkeme we düşüm goşulmalary bilen üýtgäp bilýär.

gelýänlerimizden.

Geljek zaman ortak işligi

Geljek zaman ortak işligi sypatlandyrýan sözüniň gymyldy-hereketiniň geljek zamana degişlidigini bildirýär. Geljek zaman ortak işligi iki ýol bilen ýasalýar:

  1. -jak, -jek goşulmasynyň kömegi bilen.

    gülle-jek bag, açyl-jak ýol.

  2. -ar, -er goşulmasynyň kömegi bilen.

    ak-ar suw, gör-er göz, çap-ar at.

  3. Geljek zaman ortak işliginiň ýoklugy -jak, -jek, -ar, -er goşulmasynyň öňünden -ma, -me goşulmasynyň getirilmegi bilen ýasalýar.

    otlan-ma-jak ýer, ýaz-ma-jak oglan.

  4. -ar, -er goşulmasynyň r sesi z sesine öwrülýär we ýazuwda hem şeýle ýazylýar.

    görer göz-görmez göz.

  5. Geljek zaman ortak işligi at rolunda gelende san, ýöňkeme we düşüm bilen üýtgeýär.

    Görjekler ýygnandy (san). Seniň görjegiň öňüňde (ýöňkeme). Barjaga bir azar berme (düşüm).

Hal işlik

Başga bir işlige baglanyp, onda aňladylýan gymyldy-hereketiň nähili halda, nädip ýüze çykandygyny bildirýän işliklere hal işligi diýilýär.

Çaryjyk ylgap geldi-de, kakasyny gujaklady (nädip?).

Hal işligi aşakdaky ýollar bilen ýasalýar.

  1. Soňy çekimsiz ses bilen gutaran köp bogunly we içinde dodak çekimlisi bolmadyk bir bogunly işliklere -yp, -ip goşulmasy goşulyp ýasalýar.

    çagyr-yp, ýaz-yp.

  2. Içinde dodak çekimlisi bolan bir bogunly işliklere -up, -üp goşulmasy goşulýar.

    Or-up, süz-üp we ş.m.

  3. Soňy -a, -e seslerine gutaran işliklere -p goşulmasyny goşmak ýoly bilen ýasalýar.

    başla-p, sözlä-p, oýna-p.

  4. Tirkeşdirilip gaýtalanýan birmeňzeş işlikleriň yzyna goşulmasyny goşmak arkaly ýasalýar.

    ylgaý-ylgaý ýadadym. Aglaý-aglaý.

  5. Yzyna -a ýa-da -e goşulan işligi iki gezek gaýtalamak bilen ýasalýar.

    Diýe-diýe dilim syryldy.

Hal işliginiň ýokluk formasy düýp işlikleriň yzyna -man -män goşulmasy goşulyp ýasalýar.

bolup-bolman, alyp-alman, sürüp-sürmän.

Ýokluk formasynyň -maýan, -meýen görnüşi köne edebiýatlarda duş gelýär.

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly - gerkez, ýurdy - Etrek, ady - Magtymgulydyr.

Hal işliginiň ýazuw düzgüni

  1. Içinde dodak çekimlisi bolan bir bogunly işliklere -up, üp goşulmasy goşulyp aýdylýar we ýazuwda hem dodaklandyrylyp ýazylýar.

    görüp, dolup, böküp we ş.m.

  2. Soňy a, e seslerine gutaran işliklere -p goşulmasy goş landa, a sesi uzyn aýdylýar, e sesi bolsa ä sesine öwrülip aýdylýar. Şeýle hem ýazylýar.

    başla:p, sözle-p - sözläp.

  3. Işligiň gaýdym derejesinden hal işligi ýasalanda, olaryň ikinji bognundaky gysga aýdylýan dar çekimliler düşürilip aýdylýarlar we şeýle hem ýazylýarlar.

    alyp-alnyp, goýul-goýlup.

  4. Tirkeşdirilip ulanylýan hal işlikleriň arasynda defis (-) goýulýar.

    görüp-görüp, eşidip-eşidip, ýöräp-ýöräp we ş. m.

  5. Yzyna -a ýa-da -e goşulyp, iki gezek gaýtalanylýan hal işlikleriň arasynda ýazuwda defis goýulýar.

    Aýda-aýda ýadadym.