Türkmen dili

Kömekçiler

Özbaşyna many aňlatmaýan we sözlem agzasy bolup bilmeýän hem-de sözleri, sözlemleri bir-birine baglamaga ýa-da sözleriň soňunda gelip, öz öňündäki sözleri dürli manylarda getirmäge hyzmat edýän sözlere kömekçiler diýilýär.

Kömekçi sözler ýerine ýetirýän hyzmatyna garap iki topara bölünýärler: baglaýjy kömekçiler we sözsoňy kömekçiler.

Baglaýjy kömekçiler

Özbaşdak many aňlatman, sözleri ýa-da sözlemleri baglanyşdyrmaga hyzmat edýän sözlere baglaýjy kömekçiler diýilýär.

Howa sowady we gar ýagmaga başlady.

Baglaýjy kömekçiler, sözlemdäki hyzmatyna görä, birnäçe toparlara bölünýärler:

  1. Ugurdaş manyly sözleri we sözlemleri baglanyşdyrýan baglaýjylar: we, hem, bilen, -da, -de.

    Ýolagçylar mündüler we otly ugrady.

  2. Garşylykly manyly sözlemleri baglanyşdyrýan baglaýjylar: emma, ýöne, weli, ýöne welin.

    Şunça garaşdymam weli, maşyn gelmedi.

  3. Ikuçlulygy bildirmäge hyzmat edýän baglaýjylar: ýa, ýa-da.

    Ol şu gün geler ýa-da ertir öýlän.

  4. Gezekleşigi aňladýan baglaýjylar: kä (käte).

    kä men olara barardym, käte-de ol bize gelerdi.

  5. Garşylygy we şerti aňladýan baglaýjylar: ýogsa, bolmasa, ýogsam bolmasa.

    Gapyny kakaýdyň, bolmasa ýatjakdym.

  6. Ýoklugy aňladýan baglaýjylar: ne, ne-de.

    ne çiş köýsün, ne kebap (nakyl).

«Hem» kömekçisiniň ýazuw düzgüni

Hem kömekçisi söz soňundan gelende, özbaşdak we goşulma halyna öwrülip, onuň iki hili ulanylyş häsiýeti gepleşikde duş gelýär. Goşulma halyna öwrülip geplenende, onuň ilki çekimsiz sesi düşürilýär-de, degişli sözüniň inçe-ýogynlygyna eýerdilip geplenýär. Edebi diliň ýazuwynda bolsa munuň iki hili ulanylyşyna-da ýol berilýär. Ýöne goşulma halyna öwrülip ulanylanda, degişli sözi bilen goşulyp ýazylyp, özbaşdak ulanylanda hem, aýry ýazylmalydyr.

Amanam, Gözelem sapagyny gowy bilýär — Aman hem, Gözel hem sapagyny gowy bilýär.

Jereniňem, Dursunyňam oýunjaklary kän — Jereniň hem, Dursunyň hem oýunjaklary kän.

Munuň goşulma öwrülen formasy soňy çekimli ses bilen başlanýan sözlere goşulanda, gepleşikde iki sada çekimliniň söz ortasynda ýanaşyk gelmezligi sebäpli, söz soňundaky gelen dar çekimli düşürilip geplenýär. Muny ýazuwda-da geplenişi ýaly düşürip ýazmalydyr.

Bibem, Durdam haty owadan ýazýarlar — Bibi hem, Durdy hem haty owadan ýazýarlar.

Men-ä sapagymy okadymam, bildimem — Men-ä sapagymy okadym hem, bildim hem.

Aşyr etmeli işlerini etdem, gutardam — Aşyr etmeli işlerini etdi hem, gutardy hem.

Gylyç bize geldem, gitdem — Gylyç bize geldi hem, gitdi hem.

Hem kömekçisiniň goşulma öwrülen warianty soňy dymyk seslere gutarýan sözlere goşulanda, dymyk sesiň açyga öwrülişi, dar çekimlileriň düşürilmegi umumy kada esasynda bolmalydyr.

Tuwagam oňat işleýär. Howzam arassalanypdyr.

Sözsoňy kömekçiler

Özbaşdak many aňlatmaýan we sözleriň soňundan gelip, öz öňünden gelýän sözleri dürli manylarda getirmäge hyzmat edýän sözlere sözsoňy kömekçiler diýilýär.

Sözsoňy kömekçiler özleriniň hyzmaty boýunça aşakdaky toparlara bölünýärler:

  1. Sebäp we maksat görkezmäge hyzmat edýän sözsoňy kömekçiler: sebäpli, üçin, ötri, görä, ugrunda, zerarly.

    Seniň giç gelmegiň zerarly, okuwyma ýetişip bilmedim.

  2. Deňeşdirmegi görkezýän sözsoňy kömekçiler: garanda, seredende, görä, deňeşdirende.

    Onuň boýy seňkä görä, pesräk.

  3. Meňzetmegi görkezýän sözsoňy kömekçiler: ýaly, kimin, dek.

    Aýy kimin asylyşy gerekdir.

  4. Ugur görkezýän sözsoňy kömekçiler: tarap, garşy, baka.

    Jemal eje oba tarap ädimledi.

  5. Kim, näme dogrusynda sözlenýändigini bildirmäge hyzmat edýän sözsoňy kömekçiler: hakynda, dogrusynda, barasynda.

    Sapar aganyň edermenligi hakynda gürrüň etdik.

  6. Wagt-dowamlylyk görkezmäge hyzmat edýän sözsoňy kömekçiler: çenli, deňiç, öň soň, owal, ozal, bäri.

    Üç güne çenli näme iş etdiň?

  7. Bilelikdeligi görkezmäge hyzmat edýän sözsoňy kömekçiler: bilen, bile.

    Men jigim bilen bagyň ýanyndan geçip gitdim.