saňňyldamak işlik

Sowukdan gorkudan gahardan we ş. m. ýaňa galpyldamak, saňňyl-saňňyl edip titremek, sandyramak.

  • Annaguly buzuň üstünde ýalaňaç oturan ýaly saňňyldap otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gorkusyndan ýaňa düýeleriň aýaklary bütin göwresine çenli saňňyldaýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)