saňňyldatmak işlik

Titretmek, galpyldatmak, sandyratmak.

  • Top gümmürdisi Mawynyň hem butlaryny saňňyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol ysgynsyz kellesini saňňyldatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem saňňyldatmak - saňňyldadýar, saňňyldadar, saňňyldadypdyr.