päk

  1. Tämiz, arassa, dury.

    • Ertiriň päk howasyndan uludan dem aldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň päk ýüzünde kir-kimir ýokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Erbetligi, ýamanlygy bolmadyk, ak ýürekli, sap wyždanly, hoşniýetli dogruçyl.

    • Aslymyz zähmetkeş, ýüregmiz päkdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Köne duşman ömür baky päk bolmaz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Sen öz söýgüsine päk bir gyza töhmet edýärsiň. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Gülsoltan örän arassa gülden hem päk gelin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)