[paki:zelik]
Hiç hili garyndysyzlyk, arassalyk, tämizlik.
Ol jalataýlygyny taşlady, bedeniniň we geýiminiň päkizeligine köp üns berip başlady. (M. Gorkiý, Ene)
Göçme manyda Akýüreklilik, sap wyždanlylyk, hoşniýetlilik, dogruçyllyk.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem päkizelik - päkizeligi.