mertebe at

  1. Abraý, hatyra, dereje.

    • Men ýetjek mertebäme ýetdim. (A. Gowşudow, Saýlana eserler)

    • Babam, sen dünýäniň bezegi bolduň, mertebe belentdir päk ynsanlarda. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Jaýyň gaty, etaž.

    • Ikinji mertebedäki myhman jaýy tämiz süpürilip, bezelip goýlupdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  3. Gezek, ýola sapar.

    • Men şu ömrümde ýekeje mertebe ýalan sözläpdim, ol hem ak patyşa zamandady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Komandowanye tarapynadan birnäçe mertebe «sag bol» aldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gurt şol gün hem aýnada özini ikinji mertebe synlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Geologiýa Belli bir ýagdaýda emele gelýän jynslary bellemek üçin ulanylýan geologik birlik.