kötek kö‧tek

  1. Urgy, ýumruk.

    • Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider. (nakyl)

  2. Käýinç, iňirdi, igenç.

    • Garrynyň bu gürrüňi ogullaryna aýdýan: bälçik gyjalatly kötegidi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • «Hoş geldi ýene meni köne kötegiň astyna aldy» diýip pikirlendi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kötek - kötegi.

kötek iýmek

Urulmak, ýenjilmek, käýelmek.

  • Düýäniň ulusy köprüde kötek iýer. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • kötegi
  • kötegidi
  • kötegini
  • kötegiň
  • kötekli