Döwlet häkiminiň bolýan uly jaýy, howlusy.
Şu jaý hanyň meýlishanasy ýa-da köşgi bolandyr. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Gelin bezenip, özüne timar berip, patyşanyň köşgüne barýar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Özüniň gurluşy, arhitektura aýratynlygy bilen tapawutlanýan köpçülik jaýy.
Pionerler köşgi.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem köşk - köşgüm, köşgüň.