Çasly ses bilen saýramak, jakgyldyly ses çykarmak, jak-jak etmek (guş, towuk hakda).
Bilbiliň jakgyldysy-da eşidilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Jak-jak edip gülmek, hahahaýlamak.
Aýsoltan jakgyldap gülenini hem duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol jakgyldap arkan-ýüzin gaýşarýardy. (B. Seýtäkow, Doganlar)