hil

[hi:l]

  1. Birini ýa-da bir zady biri-birinden tapawutlandyrýan düýpli alamat, sypat.

  2. Biriniň ýa-da bir zadyň hakyky bolmaly ýagdaýyna laýyklykdaky derejesi, boluş ýagdaýy.

    • Çeper dokalypdyr, oňatdyr hili, Sungat ussatlarny gördük sergide. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Olaryň terjime edilişiniň hili-de barha oňatlaşýar. (A. Gowşudow, Eserler)

  3. Ýaly, kimin, üýtgeşik.

    • Şu hili şatlykly oý gelipdir başa. (R. Seýidow, Bagtlylar)