heläkletmek işlik

  1. Gurban etdirmek, öldürtmek, aldyrtmak.

    • Çopanlar iki sany ene baýtallaryny gaplaňa heläkledipdirler.

  2. Heläk etdirmek, azap berdirmek, jepa çekdirmek, görgi gördürmek.

    • Awa gidenimizde, bir keýik owlagyny tutjak bolup, özümizi gaty heläkletdik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem heläkletmek - heläkledýär, heläkleder, heläkledipdir.