hellewlemek işlik

  1. Yraň atmak, salgym atyp görünmek, galgamak.

    • Her ýerde hellewläp tallar göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Gepleşik dili Biderek sölpüldäp ýörmek, biderek ykmak.

    • Onsoň göreniň agzyna aňkarylyp, hellewläp ýörmegiň sebäpli hem sen bihepbe bolýarsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)